Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähranda bäş adam dardan asylyp öldürildi


Ýekşenbe güni Eýranyň paýtagty Tähranda sud tarapyndan terror işlerinde günäli tapylan bäş adam dardan asylyp öldürildi.

Eýranyň resmi «IRNA» habar agentliginiň maglumatyna görä, dört erkek adam bilen bir aýal maşgala «yslam rewolýusiýasyna duşmançylykly» terror toparyna agzalykda hem-de ençeme terror işlerini amala aşyrmaklykda günäli tapylypdyr.

Bu adamalara bildirilen aýyplamalaryň hatarynda ýurduň dürli şäherlerinde hökümet ofislerini we jemgyýetçilik emläkleri partlamak ýaly jenaýat aýyplamalary hem bar.

Bu jezalandyrylanlardan dördüsiniň etniki kürtlerdikleri aýdylýar.
XS
SM
MD
LG