Sepleriň elýeterliligi

Brýusselde ÝB-niň maliýe ministrleri duşuşdy


Ýeşkenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň maliýe ministrleri Gresiýadaky býujet krizisiniň köpe ýaýramagynyň öňüni almak üçin, Brýusselde «durnuklaşdyryş mehanizmlerini» ara alyp maslahatlaşýarlar.

Ýewropa Bileleşiginiň resmileriniň aýtmaklaryna görä, zerurlyk ýüze çykan halatynda, Bileleşige agza 16 ýurda ätiýaçlyk fondundaky 60 milliard ýewrolyk maliýe rezerwinden peýdalanmaklyga mümkinçilik berler.

Käbir Ýewropa ýurtlarynyň liderleri hepdäniň duşenbe güni maliýe bazarlary işläp başlamanka, ýewronyň hümmetiniň pese gaçmagynyň öňüni almak üçin zerur çäreleriň ähli jikme-jikligi barada anyk bir ylalaşyga gelmek isleýärler.
XS
SM
MD
LG