Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň prezidenti Siriýa we Türkiýä barýar


Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew şu gün Siriýa barýar. Ol Ýakyn Gündogara edýän bu saparynyň dowamynda Türkiýä hem barar. Medwedew Damaskda Siriýanyň prezidenti Başar-ul-Eset bilen duşuşar.

Orsýetiň prezidentiniň kömekçilerinden Sergeý Prikhodko bu iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda boljak duşuşyklarda, özara söwda, ykdysady hyzmatdaşlyk, esasanam harby we tehniki meseleler hakda hyzmatdaşlyk etmek boýunça pikir alyşyljakdygyny aýtdy.

Şeýle-de bu duşuşyklaryň dowamynda Ýakyn Gündogaryň parahatçylygy boýunça geçirilmeli gepleşikler hakda hem pikir alyşylar.

Medwedew sişenbe güni giçlik Siriýadan Türkiýä barar. Onuň şol ýerde türkiýeli ýolbaşçylar bilen gepleşikler geçirmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG