Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakly kürtler hökümet gurmak barada bilelikde hereket ederler


Yragyň kürtlere wekilçilik edýän esasy partiýalary 7-nji martda geçirilen saýlawlardan soň hökümet gurmak barada alnyp barylýan tagallalar boýunça bilelikde hereket etjekdiklerini aýtdylar.

Kürtleriň regional lideri Mesut Barzani düýnki eden çykyşynda Yrakda hökümet gurmak barada alnyp barylýan tagallalar boýunça özleriniň ähli sýyasy partiýalar bilen gepleşikler geçirmäge taýýardyklaryny aýtdy.

Barzaniniň ýolbaşçylyk edýän “Kürdistan demokratik partiýasy” we Yragyň prezidenti Jalal Talabanynyň “Watansöýüjiler bileleşigi” 7-nji martda geçirilen saýlawlarda 59 orun gazanypdy. Yragyň parlamenti jemi 325 orundan ybaratdyr.
XS
SM
MD
LG