Sepleriň elýeterliligi

Ýalan bilen ýaşama,
adat edinme ony,
endik edinme aşa,
ýalan bilen ýaşama,
hroniki kesel deý,
tapylmaýan dermany,
emi ýa ýomy!

Dogry, durmuş çylşyrymly,
çylşyrymly adamlar,
gatnaşyk çylşyrymly.
Ýalan bilen ýaşamasaň,
tersine gitseň kadaň,
aýdylşy deý, dogry sözliň dosty ýok,
ýykylarsyň bir gün surnugyp, ýadap...

Dogry, hemme wagt dogryňy diýmek,
dürs bolup ýaşamak
mümkin däl belki.
Käte ýalan sözlemeli mejbury,
göwnün ýykmaz ýaly başga biriniň,
onsoň olam seniň göwnüň ýykmaýar,
bir ýalanyň iki edýär gös-göni,
ýöne senem bilýäň ýalan sözläniň,
olam bilýär ýalan sözleýänini,
şeýdip ýalan günbe-günden örňeýär,
şeýdip ýalan adat bolýar bozulmaz,
şeýdip ýalan dertlemeýär, ölmeýär.

Ýalan medenýeti, ýalan dessury
owadan, sypaýy ýaşaýar uzak.
Ýogsa onuň özi hiç uzakçyl däl,
adam ony uzak giderýär duzak,
gapan gurup özi özüne, meger,
ýalan diňe goramaýar beladan,
ýalan dal daragty çybyk deý eger,
çyrmaşyk deý çykyp çynar başyna,
awy gatar ulus iliň aşyna...

Ýalan bilen ýaşama,
ýalandan guýma kerpiç,
ýa bişirme ony ýalan pejinde,
gurma guranyňy ýalandan, ýarym,
ýalan agaçlary ekme howlyňda,
ýalan jaýda islemeseň ýaşamak,
ýalan saýasynda ýatmajak bolsaň,
ýalan köpri salma geçmäge günde,
ýalan ýelken dakma gämiňe bezäp,
derýaň ortasynda batmajak bolsaň...

Ýalan ekme mellegiňde, ýeriňde,
ýa ýalandan orma bişmän bugdaýyň,
ýalan harmanynda dynç alyp ýatma,
ýalandan saýlama çäji harpykdan,
ýalan bilen özüň hendege atma!

Ýalan bilen ýaşama,
ol nä äriň, ne aýalyň, oýnaşyň,
ne-de tanşyň bolsun baş atýan daşdan,
ýylgyrma ýalana ýalandan, çyndan,
başarsaň araňy aç ondan başdan!

“Biz näme üçin beýle?” -
Sora bir gezek,
ýa pikir et, agram sal-da kelläňe.
Eger ajap diýsek suwjuk ýazyja,
bolgusyz kitabyn almaly ertir.
Eger ussat diýsek ysnat doktora,
ölmez-gülmez bolup galmaly ertir...

Ýaramaz mugallym ýaramaz sapak
berýär hem öldürýär nije zehini,
ýaramaz student, ýaramaz alym,
ýaramaz inžener, görünmez soňy,
diýme men nädeýin, bu iliň müýni,
iliň derejesi, aňyrdan gelýän,
ýalan bilen ýaşama,
ýa ýaşasaň diýme aldanýan, ölýän!

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG