Sepleriň elýeterliligi

Balkanlarda faşistik ideologiýa goldaw tapýar


Kommunistleriň ýurdy dolandyran döwründe ozalky Ýugoslawiýada antifaşizm ýerli ideologiýanyň aýrylmaz bir bölegidi. Ýöne sosialistik režimiň synmagy bilen bu regionda faşizm baradaky düşünjeler hem özgerip ýör.

Sosializm döwründe ozalky Ýugoslawiýada mekdep okuwçylaryna okadylýan taryh sapaklary çagalara «monarhizmiň ýarany» diýlip atlandyrylýan faşizmiň ýaramazlyklary barada düşünje berýärdi.

Şol döwürlerde adamlar nasistlere garşy partizançylyk göreşini alyp baran öz dogan-garyndaşlary barada buýsanç bilen gürrüň ederdiler. Munuň tersine, nasistleriň tarapyny tutup hereket eden horwatlaryň «Ustaşe» režiminiň ýa-da serbleriň «Çetnik» atly milli ýaragly toparynyň agzalary bilen garyndaşlygy bolan adamlar bolsa, bu fakty gizleýärdiler.

Emma indi biziň günlerimizde Serbiýanyň we Horwatiýanyň öz kommunistik taryhlaryndan kem-kem daşlaşmaklary bilen bu ugurdaky ozalky tendensiýalarda hem özgerişlikler göze ilýär.

Hususan-da, Ikinji jahan urşunda nasistik Germaniýanyň ýeňilmeginiň 65 ýyllygyny Ýewropanyň beýleki ýurtlary bilen bilelikde belleýändiklerine garamazdan, Balkan ýurtlarynda barybir köp adamlar ozalky Ýugoslawiýanyň antifaşistik ideýalaryny goldamaýana meňzeýärler.

Mysal üçin, şu günki gün Serbiýanyň paýtagty Belgradda uruş ýyllarynda nasistler bilen hyzmatdaşlyk eden «Çetnik» milli toparynda öz atasynyň ýa babasynyň hem bolandygy barada buýsançly gürrüň etmek diňe bir adaty zada öwrülmän, eýse sosial taýdan hormatlanylýan bir ýagdaýa hem öwrüldi.

Munuň tersine, uruş ýyllarynda öz ata-babalary faşistlere garşy partizançylyk eden adamlar bolsa, indi bu barada gürrüň etmekden hem gitdigiçe beter çekinýärler.

Milletçilik duýgulary henizem sosial güýç

Taryhçylar we sosiologlar bu häzirki tendensiýanyň 1990-njy ýyllaryň Balkan urşundan başlanandygyny aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, şol uruşlarda Balkan ýurtlaryndaky aşa milletçi toparlaryň liderleri özleriniň syýasy maksatlaryna ýetmek üçin milletçilige has uly meçew beripdirler.

Geçen onýyllygyň dowamynda, umumy alanyňda, regionda belli bir derejede durnuklylygyň höküm sürendigine garamazdan, bu regionyň ýurtlarynda milletçilik duýgulary henizem uly sosial güýç bolup galýar. Köp synçylar hut şu milletçilik meýilleriniň hem regiondaky ýaş nesliň neonasistik we milletçilikli hereketleri üçin iýmit bolup hyzmat edýändigini belleýärler.

Käbir synçylaryň pikiriçe, Balkan ýurtlarynyň taryhy şu günki gün aýry-aýry maşgalalaryň geçmişine esaslanylyp däl-de, eýse has uly sosial tendensiýalara esaslanylyp täzeden ýazylýar. Şu ugurda Serbiýadaky wakalar has hem mysal alarlykly görünýär. Soňky ýyllarda Serbiýada ýaş nesilleriň döredýän faşistik guramalarynyň we olaryň gurnaýan milletçilikli ýygnanyşyklarynyň gadagan edilmelimi ýa gadagan edilmeli däldigi baradaky mesele giňişleýin maslahatlaşylýan meselelerden birine öwrüldi. Şu çaka çenli ýurduň parlamenti faşistik guramalaryň işini gadagan edýän hiç hili kanun kabul edenok.

Nämeden başlamaly?

Serbiýanyň Içeri işler ministri Iwisa Dasiç bu ugurdaky işleriň Ikinji jahan urşy ýyllaryndaky Serbiýanyň faşistik režimine degişli simwollary häzirki hökümet binalaryndan aýyrmak prosesinden başlamalydygyny aýdýar.

«Meniň hut özüm-ä tä biziň hökümet binalarymyzdan faşistik simwollar ýok edilýänçä, Serbiýanyň hökumeti faşizme garşy netijeli göreşip bilmez diýip hasaplaýaryn. Biziň hökümet binalarymyzda henizem Gitler tarapyndan premýer-ministr bellenilen Milan Nediçiň suratlary asylgy dur. Ol premýer-ministrlige halk tarapyndan däl-de, Gitler tarapyndan bellenipdi. Oňa derek Ikinji jahan urşy ýyllarynda bosgunlykda iş alyp baran Serb hökümetiniň suratlary asylsa, has adalatly bolardy. Ýurduň polisiýasy köçelerde faşistleri aňtap tapmak bilen meşgullanmaly. Emma häzirki syýasatçylar faşistler bilen antifaşistleriň tapawudyna-da düşünenoklar» diýip, Serbiýanyň Içeri işler ministri Iwisa Dasiç belledi.

Geçen ýyl Çehiýa Respublikasynda Terezin atly faşistik konslageriň ýerleşen ýerinde dünýäniň 46 ýurdunyň delegasiýalary Ikinji jahan urşy ýyllarynda ýewreý maşgalalarynyň elinden bikanun alnan emläkleriň gaýtarylyp berilmegi barada ýörite halkara deklarasiýasyna gol çekdiler. Ýöne bu gol çekişlik çäresine Serbiýa hiç kimi ibermedi.
XS
SM
MD
LG