Sepleriň elýeterliligi

ÝB halas ediş plany boýunça ylalaşdy


Ýewropa ýurtlarynyň ýolbaşçylary bir trillion amerikan dollaryna barabar 750 milliard ýewrolyk plan bergi krizisiniň umumy pul bolan ýewrony çökermeginiň öňüni alar diýip umyt edýärler.

“Bu plan barada ylalaşyldy” diýen habar ýaýran badyna Aziýada we Ýewropada birža bazarlary galkynyp ugrady. Munça pul göz öňünde tutular diýip, pikir edilmändi. Şol sebäpden bu garaşylmadyk göçüm boldy.

“Öňe tarap uly ädim”

Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Katerin Aşton: “Bu plan hem Ýewropa hem-de global ykdysadyýet üçin gowy” diýdi.

Halkara walýuta gaznasynyň başlygy Dominik Strauss-Khan ony “öňe tarap uly ädim” diýip atlandyrdy. Alman kansleri Angela Merkeliň pikiriçe hem, bu umumy pul ýewrony goramak üçin zerur çäre.

“Bu plandan maksat umumy pulumyzy güýçlendirmek hem goramak. Bu ýewronyň we Ýewropa Bileleşiginiň taryhynda ozal bolan zat däl. Biz adatdan daşary ýagdaýda öz pulumyzy goraýarys. Öz halkymyza has düşnükli edip aýtsam: biz Germaniýada halkyň puluny goraýarys” diýip, Angela Merkel aýtdy.

Bu plan barada ylalaşyga gelinmegine ýol tapmak üçin Ýewropa Bileleşiginiň maliýe ministrlerine iň bärsinden 11 sagat wagt gerek boldy. Köp wagtlap çekeleşilip, iň soňunda hem Gresiýanyň bergi krizisiniň beýleki ýurtlara ýaýramagynyň öňüni bökdemek, bazarlary köşeşdirmek baradaky çärelerden has uly maliýe goşandy hakda ylalaşyldy.

3 ýyllyk planda göz öňünde tutulmagyna görä, ýewro zonasyna degişli 16 ýurt 440 milliard ýewrony Gresiýa, Ispaniýa, Italiýa we Portugaliýa ýaly bergi krizisine uçran ýurtlara elýeterli etmeli. 250 milliard ýewro Halkara walýuta gaznasyndan, 60 milliard ýewrolyk kredit hem Ýewropa Komissiýasynyň özünden gelýär.

Halas ediş plany şerti bilen gelýär

Olli Rehn
Olli Rehn Ýewropanyň Ykdysadyýet we pul işleri baradaky komissary. Ol: “Häzirki problemalar ýewro zonasynyň maliýe durnuklylygyny üpjün etmek üçin edilýän tagallalar. Abanýan howp ýeke bir agza döwlete däl, tutuş ýewro zonasynyň durnuklylygyna, tutuş Ýewropa Bileleşigine abanýar” diýýär.

“Tutuşlygyna alanyňda, nähili baha bilen bolsa-da, biz ýewrony goramaly. Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň edýän maliýe tagallalary, Ýewropa Komissiýasynyň we agza döwletleriň maliýe kömegi, Ýewropanyň Merkezi Bankynyň görýän çäreleri şuny subut edýär” diýip, Rehn aýtdy.

Ýöne bu halas ediş plany boş däl-de, ýanynyň şerti bilen gelýär. Ýewro zonasynda durýan ýurtlar öz maliýe problemalaryny çözmek üçin edýän tagallalaryny artdyrmaly. Merkeliň sözlerine görä, “Ýewrony goralmagy zerur ýurtlar üçin döredilen kepilden peýdalanmak Halkara walýuta gaznasy we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan hödürlenen programmalaryň ýerine ýetirilmegine bagly. Ýewro zonasynda durýan ýurtlar öz býujetlerini pugtalandyrmak barada ylalaşýarlar”.
XS
SM
MD
LG