Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serbiýa kosowa albanlarynyň köpçülikleýin mazaryny tapdy


Serbiýa 250 çemesi etniki albanyň jaýlanan köpçülikleýin mazaryny tapdy, olar 1998-1999-njy ýyllarda Kosowada bolan uruşda öldürilen adamlar bolmaly.

Serbiýanyň uruş jenaýatlaryny derňeýän edarasy bu mazaryň Serbiýanyň günortasyndaky Raska dien ýerde tapylandygyny aýtdy. Serbiýa güýçleri bilen etniki alban pitneçileriniň arasynda turan Kosowa konflikti 1999-njy ýylda, NATO-nyň bombalaýyş kampaniýasy serb ýaragly güýçlerini ol ýerden çykmaga mejbur edenden soň togtapdy.
XS
SM
MD
LG