Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakdaky hüjümlerde 70 gowrak adam öldi


Şu gün Yrakda bolan hüjümlerde 70-den gowrak adam ölüp, 200 adam ýaralandy.

Hilla şäherinde bolan iki ulag partlamasy azyndan 35 adamy öldürip, 140 adamy ýaralady.

Resmiler şäheriň egirme-dokma fabriginiň daş işiginde iki ulagyň partladylandygyny aýtdylar.

Soňra halas ediş işgärleri pidalara kömek üçin haýdap gelýärkä bir janyndan geçen bombaçy özüni partlatdy.

Bu Bagdatda hem ýurduň beýleki ýerlerinde bolan tapgyrlaýyn hüjümleriň iň heläkçiliklisi boldy.

Demirgazyk şäher Mosulda bolan hüjüm hem onlarça adamyň ölümine sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG