Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde halas ediş işleri dowam edýär


Sibiriň kömür käninde, goşa partlamanyň azyndan 31 adamy öldüren şahtasynda halas ediş işleri dowam edýär.

Sibiriň Kemerowa regionyndaky Raspardskaýa şahtasynda ýene 60 adam ýer astynda çykyp bilmän galandyr öýdülýär. Ol ýerde halas ediş işleri gaz derejesiniň ýokarylygy üçin bökdençlige uçrady.

Ýogalanlaryň 18-si şahta birinji partlamadan soň giren halas ediş işgärlerdir. Olar birnäçe sagat soň bolan ikinji partlamanyň pidasy boldular.
XS
SM
MD
LG