Sepleriň elýeterliligi

Resmiler ýewronyň halas ediş fonduny gutlaýar


Resmiler Ýewropanyň ýaýraýan hökümet bergi krizisini togtatmaga gönükdirilen halas ediş planyny gutlaýarlar.

Brýusselde öten agşam sagatlap dowam maslahatdan soň, Ýewropa Bileleşigi we Halkara walýuta gaznasy 1 trillion dollara çenli adatdan daşary ýagdaý fonduny döretmek plany barada ylalaşyga geldi.

Bu ýewro zonasyna girýän we şu günki gün Gresiýanyň ýüzbe-ýüz bolan maliýe kynçylyklaryna çalymdaş howpdan heder edýän ýurtlara gönükdirilen.

Halkara walýuta gaznasynyň başlygy Dominik Straus-Kan bu planyň «öňe tarap ädilen uly ädimdigini» aýtsa, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel munuň «ewronyň malie bazarlaryndaky hüjümlere garşy goragyny berkitjegini» nygtady.

Ýewro zonasyna girmeýän Britaniýa hem munuň Ýewropa üçin «gowy ylalaşykdygyny» belledi.
XS
SM
MD
LG