Sepleriň elýeterliligi

Karzaý Waşingtonda duşuşyklaryny dowam etdirýär


Owganystanyň prezidenti Hamit Karzaý ABŞ-na edýän dört günlük resmi saparynyň ilkinji gününde düýn Döwlet sekretary Hillary Klinton tarapyndan berlen agşamlyk naharyna gatnaşdy.

Karzaýyň bu saparynyň esasy maksady prezident Barak Obamanyň administrasiýasy bilen Karzaýyň arasynda soňky döwürlerde ýüze çykan ylalaşmazlyklary aradan aýyrmakdan ybaratdyr.

Karzaý ABŞ-nyň paýtagty Waşingtona duşenbe güni bardy. Onuň çarşenbe güni Ak Tamda prezident Barak Obama bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Owgan wekilleri bilen amerikaly resmileriň arasynda boljak duşuşyklarda Talyplara garşy alnyp barylýan operasiýalarda parahat ilatyň heläk bolmagy bilen bagly Kabulyň aladalarynyň we Owganystanda aşa ornaşan korrupsiýa bilen bagly problemalaryň gozgamagyna garaşylýar.

Şol gepleşikleriň dowamynda 29-njy maýda Owganystanda geçiriljek ýaşulular maslahaty hakda hem pikir alyşylmagyna garaşylýar.

Şol maslahatyň dowamynda owgan wekilleri Talyplar bilen barlyşyga gelmek üçin olar bilen gepleşikler geçirmek meselesine gararlar.
XS
SM
MD
LG