Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Orsýet bilen ýadro ylalaşygyna gaýtadan seredýär


Prezident Barak Obama, Moskwa bilen hyzmatdaşlygyň täzelenmegine salgylanyp, Birleşen Ştatlaryň Orsýet bilen graždan ýadro energiýa hyzmatdaşlygy baradaky şertnamasyna gaýtadan seretdi.

Waşington Obamanyň tassyklatmak üçin amerikan Kongresine gaýtadan tabşyran şertnamasyny 2008-nji ýylda, rus-gürji urşuna protest bildirip, bir gyra süýşüripdi.

Obamanyň beýanatynda Gürjüstandaky ýagdaýyň indi bu şertnama üçin bökdençlik hasaplanmaly däldigi aýdylýar. .

Bu şertnama amerikan hem rus kampaniýalaryna ýadro pudagynda bilelikdäki kärhanalary döretmäge we iki ýurduň arasynda ýadro tehnologiýasyny we meteriallany alyp-çalyşmaga rugsat berýär.
XS
SM
MD
LG