Sepleriň elýeterliligi

Eýran tussag amerikanlaryň ejeleriniň gelip biljegini aýdýar


Eýranyň daşary işler ministrligi iýul aýynda yrak serhetinde tutulan üç amerikalynyň ejelerine Tähran türmesine gelip görmäge rugsat beriljegini aýdýar.

Eýranyň daşary işler ministri Manuçehr Mottaki bu karara ynsanperwerlik esasynda gelnendigini aýtdy.

Eýran Şaýn Bauer, Sara Şord we Joş Fattal dagyny serheti bozmakda, içalyçylykda we amerikan aňtaw gullugy bilen ilteşiklilikde aýyplapdy hem olaryň sud ediljegini aýdypdy.

Olaryň maşgalalary we amerikan hökümeti içalyçylyk aýyplamasyny ret edipdi we olaryň boşadylmagyna çagyrypdy.
XS
SM
MD
LG