Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain parlamentiniň işiginde müňlerçe adam protest bildirdi


Ukrainanyň Günbatara tarapdar oppozisiýasynyň goldawçylaryndan 2 müň çemesi adam şu gün parlamentiň öňünde prezident Wiktor Ýanukowiçiň Orsýet bilen gatnaşyklary berkitmegine garşy proteste çykdy.

Olar «Ýanukowiç, Ukrainany satmagy bes et!» diýen şygar ýazylan plakatlary göterip, Kiýewdäki parlament binasynyň öňünde ukrain baýdagyny galgatdylar.

Ýanukowiçiň tarpdarlarynyň hem ýüzlerçesi parlamentiň öňünde ýygnandy.

Müňden gowrak polis işgäri bu iki toparyň arasyny bekledi.

Oppozisiýa Ýanukowiçiň Moskwa Krymdaky harby bazany ýene 25 ýyl ulanmaga bermeginden nägile bolýar.
XS
SM
MD
LG