Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halk hudožnigi Şamuhammet Akmuhammedow aradan çykdy


Türkmenistanyň halk hudožnigi, Jawaharlal Neru adyndaky halkara dostluk baýragynyň eýesi Şamuhammet Akmuhammedow 73 ýaşynyň içinde aradan çykdy.

Ol diňe žiwopisçi suratkeş bolman, eýsem aktýorlukda hem özüni görkezdi, birnäçe dokumental filmiň senarisini ýazdy.

Şamuhammet Akmuhammedow Türkmenistanyň hudožnikler birleşiginiň sekretary, başlygy bolup işledi, Türkmenistanyň çeperçilik fonduna ýolbaşçylyk etdi.

Onuň Hindistan temasyndan döreden eserleri Jawaharlal Neru adyndaky baýraga mynasyp boldy.

Soňky ýyllarda häkimiýetleriň Şamuhammet Akmuhammedowa gyýa garandygy we onuň makalalarynyň metbugatda berilmändigi, hatda onuň 70 ýaş toýunyň hem resmi bellenilmändigi aýdylýar.

Şamuhammet Akmuhammedow düýn Çoganlydaky gonamçylykda topraga berildi.
XS
SM
MD
LG