Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan jenaýat kodeksini liberallaşdyrýar


Türkmenistan jenaýat-iş ýörediş kanunçylygyny liberallaşdyrýar.

Mejlisiň nobatdaky sessiýasynda ýurduň jenaýat kodeksine degişli üýtgetmeler girizildi.

Jenaýat kodeksiniň täze nusgasynda agyr ženaýatlar üçin berilýän aňrybaş jezanyň möhletini azaltmak, jeza hökmünde pul jerimelerini salmak, aklawçylaryň roluny ýokarlandyrmak nazara alnypdyr.

Şeýle-de türkmen kanunçylary tohumçylyk, syýahat, Türkmenistanyň halkara şertnamalary, ýerli häkimiýet dolandyryşy baradaky kanun proýektleri we beýlekiler barada maslahat etdiler.
XS
SM
MD
LG