Sepleriň elýeterliligi

Medwedewiň Siriýa saparynyň maksady näme?


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Siriýa edýän sapary mynasybetli Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Waşingtondaky habarçysy Riçard Solaş Wirjinianyň Jorj Mason uniwersitetiniň professory, Orsýetiň Orta Gündogar syýasaty boýunça ekspert Mark Katz bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Siriýanyň prezidenti bilen Damaskda geçirjek gepleşikleriniň düýbünde nähili möhüm meseleler bar?

Mark Katz
Mark Katz:
Men olar dürli meseleler barada gürleşip biler diýip pikir edýärin. Ol meseleleriň görnüp duranlaryndan biri Tartus harby deňiz desgasyny döwrebaplaşdyrmak meselesi. Ýene bir mesele rus ýarag söwdasy we bu meselede tölegiň nähili ediljegi.

Ýöne men bu ýerde başga bir ynjyk mesele, Ysraýylyň Siriýa ýükleýän günäsi hakynda hem gürrüň gozgalar öýdýän. Mälim bolşy ýaly, Ysraýyl Siriýany rus raketalaryny we beýleki ýaraglaryny Liwandaky Hizbulla geçirmekde aýyplaýar.

Meniň pikirimçe, ruslar bu hili zadyň indiden beýläk edilmezligi üçin kepilnama almak isleýärler, sebäbi bu hiç bir peýda getirjek zat däl. Elbetde, siriýalylar bu hili zatlary edýändiklerini boýun almazlar. Bu-da, eger rus-ysraýyl gatnaşyklarynyň häzirki gowy ýagdaýyny göz öňünde tutsaň, rus-siriýa gatnaşyklarynyň kynçylygyna öwrülip biler.

Azatlyk Radiosy: Rus habar gulluklary Medwedew bilen prezident Başar al-Assadyň arasynda boljak gepleşiklerde Eýranyň ýadro programmasynyň hem esasy orunlaryň birini tutjagyny ýazýarlar. Sebäbi prezident al-Assad öz ýurduny Tähran bilen hem ýakynlaşdyrdy. Siz bu saparda şeýle mümkinçilik görýärsiňizmi?


Mark Katz: Ýok, men hakykatda beýle zat görmeýärin. Men bu Moskwanyň ädehedi däl diýip, pikir edýärin. Siriýa Eýrana hiç bir oňyn täsir ýetirmekçi däl, onsoň men olar asla bu hili zat eder öýtmeýärin. Başgaça aýdylanda, men bu temanyň olaryň arasyndaky gürrüňiň çynlakaý temasy bolup biljegine ynanmaýaryn.

Azatlyk radiosy: Birleşen Ştatlar golaýda Damaska garşy sanksiýalaryny täzeledi. Medwedewiň sapary Orsýet bilen gatnaşyklaryny täzeden gurýan Waşingtonda alada döretmezmi?


Mark Katz: Ol ýerde alada bolar, ýöne hakykatda Birleşen Ştatlar bu meselede näme edip biler? Ýa-da bolmasa Birleşen Ştatlar bu barada bir zat etse, bu olaryň gatnaşygyna zyýanly bolarmy? Başgaça aýdylanda, biz Birleşen Ştatlarda mundan bir mesele ýasamagy näderejede isleýäris? Biz hakykatda näderejede aladaly? Men Respublikanlar mundan has köp aladalanýar diýip, pikir edýärin. Men ondan Obamanyň adminstrasiýasynyň hem mazasynyň gaçjagyny pikir edýärin, ýöne olaryň bu ýagdaýdan käbir bähbit agtarmagy hem ahmal. Olar Ysraýyla «Seret, biz Siriýany ýekelemäge synanyşýarys, emma bu işimiz o diýen ýol almaýar. Belki-de, siz oba gurmak, jaý salmak meselesinde has eglişikli bolan bolsaňyz, onda biz Orsýete muny hem etdirip bilerdik» diýip bilerler.

Azatlyk Radiosy: Bu sapar rus-ysraýyl gatnaşyklaryna nähili täsir ýetirip biler?

Mark Katz: Ýene bir gezek aýdýan, rus-ysraýyl gatnaşyklary gaty gowy. Onsoň men ysraýyllylaryň ruslara bu barada hem aýdýanyna ynanýaryn. Şeýle-de men ruslaryň ysraýyllylara hakykatda hiç bir çynlakaý zadyň bolup geçmeýändigini ynandyrýanyna şübhelenmeýärin. Iş ýüzünde Orsýet Siriýany saklamak ugrunda hereket edýär. Olar dürli adamlara başga-başga zatlary aýdarlar.

Azatlyk Radiosy: Medwedewiň Siriýa sapary Orsýetiň häzirki Orta Gündogar syýasatyndan näme habar berýär?

Mark Katz: Moskwanyň Orta Gündogardaky syýasaty ähli kişi bilen dostluk. Ysraýyl, aram araplar, radikal araplar, Eýran – hemmesi bilen dost bolmak. Orsýet al-Kaýdadan başga hemme kişi bilen dost. Elbetde, al-Kaýda hiç kim bilen dost däl. Moskwa hatda Hamazdyr Hizbulla bilenem dost. Meniň pikirimçe, olar belli derejede öz ykdysady bähbitlerini araýarlar. Ýöne şoň bilen birlikde has möhüm sebäpleriň biri, olar Demirgazyk Kawkazyň, 1980-nji ýyllarda Owganystanyň bolşy ýaly, musulman dünýäsinde esasy meselä öwrülmegini islemeýärler.
XS
SM
MD
LG