Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde şahtada ölenleriň sany 52-ä ýetdi


Rus resmileri Sibirdäki kömür käninde bolan partlamalardan ölenleriň sanynyň azyndan 52-ä ýetendigini, 43 şahtaçynyň bolsa şindem tapylmaýandygyny aýdýarlar.

Premýer ministr Wladimir Putin Kemerowadaky Raspadskaýa kömür känine geldi. Bu kömür käni Moskwadan 3 müň km gündogarda ýerleşýär.

Şenbe güni giçlik şahtada ilkinji partlama bolanda ýer astynda 350-den gowrak şahtaçy işleýän eken.

Şahtaçalyryň köpüsi ýer astyndan çykyp etişdi, ýöne ikinji partlama pidalara kömege gelen halas ediş işgärleriniň öňüni baglady.
XS
SM
MD
LG