Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň prezidenti siriýaly kärdeşi bilen duşuşdy


Prezident Dmitriý Medwedew döwlet baştutany hökmünde Siriýa edýän ilkinji saparynda Orsýetiň strategiki sebitdäki täsirini güýçlendirmäge synandy.

Iki güne çeken gepleşiklerden soň, Medwedew bilen Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň çykyp gürlän metbugat konferensiýasynda esasy ünsi arap-ysraýyl konfliktini çözmäge gönükdirmek wada berildi.

Şeýle-de Medwedew Birleşen Ştatlary Orta Gündogar parahatçylyk prosesinde has işjeň rol oýnamaga çagyrdy. Ol bu sebitde ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Medwedew Orsýetiň Siriýa bilen edýän harby hyzmatdaşlygynyň özara bähbitlilik we halkara borçnamalary esasynda dowam etdiriljegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG