Sepleriň elýeterliligi

Amerikaly wekil: “Orsýet Eýrana uçar sistemasyny satmaly däl”


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň maslahatçysy Orsýetiň Eýrana uçarlary weýran edýän raketa sistemasyny eksport eden halatynda Waşington bilen Moskwanyň aragatnaşygyna aşa ýaramaz täsirini ýetirjekdigine rus ýolbaşçylarynyň ünsüniň çekilenligini aýtdy.

Ak Tamyň ýaraglara kontrolluk etmek boýunça edarasynyň kordinatory Gary Samor Eýran tarapyndan 2007-nji ýylda sargalan S-300 kysymly goranyş sistemasy Eýrana berilse özüniň geň galjakdygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

S-300 kysymly raketa uçarlary weýran etmäge, ballistik hem kruiz raketalary urup düşürmäge ukyplydyr.

Samor Eýranyň urany baýlaşdyrmak baradaky tagallalarynyň tehniki taýdan yzagaýdyşlyk bilen hem ýüzbe-ýüz bolup duranlygyny öňe sürdi.

Samoryň pikirine görä, şu yza gaýdyşlyklar sebäpli, käbir adamlaryň alada edişi ýaly, Eýranyň ýadro programmasynyň o diýen tiz öňe barmaýanlygyny hem belledi.

Eýran özüniň ýadro ýaraglaryna eýe bolmaga synanyşýanlygy baradaky Günbatar ýurtlarynyň aýyplamalaryny ret edip, öz programmasynyň parahatçylykly maksatlara eýerýändigini habar berýär.
XS
SM
MD
LG