Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň Eýrandaky ilçisine hüjüm edildi


Eýranyň döwlet telekanalynyň maglumatyna görä, bu ýurtda ýaşaýan owganystanly bosgun sişenbe güni Pakistanyň Eýrandaky ilçisine hüjüm edip, ony ýaralady.

Eýranyň iňlis dilinde gepleşikleri efire berýän telekanaly Press TV hüjümçiniň tussag edilenligini habar berdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili arap dilinde gepleşikler görkezýän Eýranyň telekanaly Al-Alama beren interwýusynda pakistanly ilçiniň keselhana ýerleşdirilenligini aýtdy.

Bu waka barada heniz doly maglumat berilmedi.
XS
SM
MD
LG