Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň prezidenti şu gün Obama bilen duşuşar


Owganystan bilen ABŞ-nyň gatnaşyklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen ABŞ-a baran owgan ýolbaşçysy Hamit Karzaý şu gün Waşingtonda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen duşuşar.

Karzaý sişenbe güni Waşingtonda ýerleşýän Walter Reed atly harby keselhana baryp, şol ýerde Owganystanda dowam edýän çaknyşyklarda ýaralanan amerikaly esgerler bilen duşuşdy.

Karzaý bitiren işleri üçin şol esgerlere öz minnetdarlygyny bildirdi.

“Bu biziň bilelikde aşmaly kyn ýolumyzyň bardygynyň hem-de Owganystanyň we ABŞ-nyň howpsuzlygy üçin biziň ýaş gyzlarymyzyň we oglanlarymyzyň pidakärçilikden gaça durmaýanlygynyň ýene bir subutnamasydyr” diýip, Karzaý eden çykyşynda aýtdy.

Döwlet sekretary Hillary Klinton we goranmak ministri Robert Geýts sişenbe güni ýokary derejeli owgan ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynda Waşingtonuň Owganystany terk etmejekdigini aýtdylar.
XS
SM
MD
LG