Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir kompaniýa Eýrana uçar satylmagy bilen bagly jerime salyndy


Eýrana “Boeing 747” kysymly uçarlaryň satylmagynda dildüwşük edenligi üçin bir kompaniýa 2 million dollara barabar jerimä höküm edildi. Şeýle-de şol firma bäş ýyl boýunça göz astynda tutular.

Bu höküm düýn ABŞ-nyň federal sudýasy tarapyndan çykaryldy. Bu ýerde britaniýaly bir kompaniýa degişli “Bally Aviation” atly firma hakda gürrüň edilýär.

Sudyň çykan kararynda “Bally Aviation” atly firma 2007-nji we 2008-nji ýyllarda 747 kysymly üç uçaryň ABŞ-nyň hökümetinden rugsat alynman Eýrana eksport edilmeginde dildüwşük edenlikde aýyplanýar.

“Bally Aviation” atly şol firma bu aýyplamalary fewral aýynda boýun alypdy.
XS
SM
MD
LG