Sepleriň elýeterliligi

Kameron Britaniýanyň premýer-ministri boldy


Konserwatorlar partiýasynyň ýolbaşçysy, 43 ýaşyndaky Deýwid Kameron Britaniýanyň Karollugy tarapyndan ýurduň premýer-ministri wezipesine bellenildi.

Kameronuň bu wezipä bellenmegi konserwatorlaryň 13 ýyldan soň gaýtadan häkimiýet başyna geçenligini aňladýar.

Kameron geçen 200 ýylyň dowamynda bu wezipä bellenen Britaniýanyň iň ýaş lideridir.

Kameronuň bu wezipäni eýelemeginden öň Gordon Braun Britaniýanyň premýer-ministri wezipesinden çekilýänligini yglan etdi. Braunyň Leýboristler partiýasy 1997-nji ýyldan bäri hökümeti dolandyrýardy.

Ýakynda geçirilen saýlawlarda konserwatorlar berlen sesleriň aglabasyny gazandy, emma bu ses olaryň özbaşdak hökümet gurmaklary üçin ýeterlik däldi.

Deýwid Kameron bu wezipä belenmeginiň yzýany bilen eden çykyşynda Liberal-demokratik partiýasy bilen koalision hökümetiniň guruljakdygyny yglan etdi.

“Men konserwatorlardan hem liberal-demokratlardan ýurdy dolandyrjak koalisiýany düzmegi maksat edinýän. Men häzirki döwürde ýurda örän zerur bolan berk, durnukly, işeňňir hökümeti düzmek ugrunda biziň saýlan bu ýolumyzyň dogrudygyna ynanýaryn” diýip, Kameron aýtdy.

Konserwatorlaryň aýtmagyna görä, täze hökümetde bu partiýanyň öňki ýolbaşçysy William Hag daşary işler ministri we Kameronuň ýakyn ýarany bolan Jorj Osborn maliýe ministri hökmünde wezipä girişer.

Libral-demokratik partiýasynyň ýolbaşçysy Nick Kleg premýer-ministriň orunbasary wezipesine bellener.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Kamerona jaň edip, ony ýeňiş bilen gutlady.
XS
SM
MD
LG