Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew türk ýolbaşcylary bilen duşuşdy


Ors prezidenti Medwedew şu gün türk ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Iki tarapyň arasyndaky gepleşikler esasan energiýa babatda hyzmatdaşlyk, şeýle hem Türkiýäniň ilkinji atom elektrostansiýasyny gurmak barada bolandyr diýlip, pikir edilýär.

Duşuşykdan soň birnäçe ylalaşyga gol çekildi. Bu ylalaşyklaryň biri iki ýurduň arasynda wizasyz baryş-gelşi ýola goýmak barada.

Bilelikde geçirilen metbugat konfrensiýasynda: “Soňky ýyllarda biziň gatnaşyklarymyz düýpgöter üýtgedi. Bu gün indi biz bu gatnaşyklar strategik, köpgyraňly we iş ýüzünde durmuşyň ähli sferasyny şöhlelendirýär diýip bileris” diýip, Medwedew ikitaraplaýyn gatnaşyklary öwdi.

Iki ýurduň arasynda gol çekilen beýleki dokumentler barada entek berlen maglumat ýok.

Ýöne Kremliň daşary syýasat boýunça ýokary derejeli geňeşçisi Sergeý Prihodko bu saparda Türkiýäniň ilkinji atom elektrostansiýasynyň gurluşygy barada bir dokumente gol çekiljekdigini ozal bildiripdi.

Gaz hyzmatdaşlygy

Türkiýäniň sarp edýän tebigy gazynyň 60 prosent töweregi Orsýetden gelýär. Moskwa häzir öz gazyny Ukrainadan sowa Ýewropa ýetirmegi maksat edinýär. Şol sebäpden onuň isleýäni “Günorta akym” diýlip atlandyrylýan geçirijiniň bir bölegini Gara deňziň Türkiýä degişli tarapyndan gurmak. Ýewropa Bileleşiginiň bu geçirijä bäsdeş turbasy ”Nabukkony” goldaýan Türkiýe hem Moskwanyň bu islegine garşy däl.

Göz öňünde tutulan ýene bir plan Orsýet bilen Türkiýäniň arasynda häzir işläp duran geçiriji “Gök akymy” Türkiýeden günorta tarap uzaldyp, Liwan, Siriýa, Ysraýyl we Kipre ýetirmek.

Sowet Soýuzy çökeli bäri iki ýurduň arasyndaky ykdysady alyş-çalyş aşa ýokarlandy. Tebigy gazyň eksporty Orsýeti Türkiýäniň ikinji derejeli söwda ýaranyna öwürdi.

Türkiýe Gürjüstan bilen hem ýakyn ykdysady we syýasy ara gatnaşyk saklaýar. Şol sebäpden Orsýetiň Gürjüstana eden harby interwensiýasy ors-türk gatnaşyklaryny 2008-nji ýylda gysga wagtlyk bulaşdyrdy.

Daglyk Garabag meselesi


Medwedew şu gün metbugat konferensiýasynda regionyň beýleki konflikti – Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky Daglyk Garabag barada barýan dawany çözmek üçin Moskwanyň ähli mümkinçiliklerden paýdalanjakdygyny aýtdy.

Medwedew “Kawkaz regionynda durnuklylygyň güýjemegi, şol sanda Daglyk Garabag konfliktine bir çözgüt tapylmagy Orsýetiiňem, Türkiýäniňem bähbidine. Biz öz tarapymyzdan bu prosesi ilerletmek ugrunda ähli mümkinçiliklerden, Ors Federasiýasynyň abraýyndan we täsirinden peýdalanarys” diýdi.

Ors prezidenti Türkiýe-Ermenistan gatnaşyklary barada hem özüniň iki tarapyň “gatnaşyklary doly ýola goýarlar” diýip, umyt edýänligini bildirdi.

Medwedew şeýle hem ähli ýurtlary adamlaryň Gaza zolagynda çekýän ejir-azabynyň soňlanmagy ugrunda elinde baryny etmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG