Sepleriň elýeterliligi

Gyzyl Haç Komiteti Aşgabada teklip hödürleýär


Halkara Gyzyl Haç Komiteti bütin dünýä boýunça iş alyp barýan we esasanam türme we türmelerde saklanýan adamlar bilen bagly alada edýän abraýly halkara guramalardan biri.

Bu guramanyň mandatlarynyň arasynda türmelere baryp, şol ýerdäki tussaglaryň ýagdaýlaryndan habar tutmak we olara arka çykmak ýaly maddalar hem bar.

Halkara Gyzyl Haç Komiteti ençeme ýyldan bäri Merkezi Aziýada hem iş alyp barýar. Bu guramanyň wekilleri türkmen ýolbaşçylary bilen hem yzygiderli gepleşikler geçirýärler.

Şeýle duşuşyklardan biri hem aprel aýynyň başynda Aşgabatda bolup geçdi. Emma onlarça ýyldan bäri dowam edýän bu gepleşiklere garamazdan, Halkara Gyzyl Haç Komitetine Türkmenistanyň türmelerine baryp görmäge henize çenli-de rugsat edilmän gelýär.

Şeýle ýagdaýda bu gepleşiklerde nähili meselelere garalýar we bu gurama Türkmenistanyň türmelerinde saklanýan adamlaryň ykbaly barada maglumat almak üçin ilata nähili kömek edip biler? Bu meseleler bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir ady agzalýan guramanyň Ýewropa we Demirgazyk Amerika boýunça metbugat wekili Kiristiýan Kardon bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ilki bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň döredilmeginiň maksatlary we onuň geçmişi barada bize dolurak maglumat beräýseňiz?


Kiristiýan Kardon: Halkara Gyzl Haç Komitetiniň gurama hökmünde 150 ýyllyk taryhy bar. Biz bu guramanyň döredilmeginiň 150 ýyllygyny geçen ýyl belledik. Bu guramanyň maksady, umuman, ýaragly dartgynlylyk dowam edýän regionlarda iş alyp barmakdyr. Häzirki döwürde tutuş dünýäde biziň 80 töweregi wekilhanamyz bar.

Guramanyň maksady esasanam ýaragly çaknyşyklardan zyýan çeken adamlara pena bermek we olary goramakdan ybarat. Adamlary goramak diýlende, bu kategoriýa şol çaknyşyga aktiw gatnaşmaýan ilat girýär. Meselem, bendileriň, belli bir derejede çaknaşyklarda tussag edilen adamlaryň hak-hukugyny goramaga-da synanyşýarys. Şeýle tagallalarymyzyň çäginde biz azatlykdan mahrum edilen adamlaryň ýagdaýyndan habar tutýarys.

Azatlyk Radiosy: Siziň iki guramaňyz bar, meniň pikirimçe, olar biri-birine gaty ýakyn temalar boýunça iş alyp barýan ýaly. Olardan biri Halkara Gyzyl Haç Komiteti we beýlekisi bolsa Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetidir. Olar alyp barýan işleri boýunça haýsy ugurda biri-binden tapawutlanýarlar?

Kiristiýan Kardon: Bu meseläniň has jikme-jigine girip oturmaýyn, ýone soragyňyza gysgaça jogap bersem, Halkara Gyzyl Ýarymaý we Gyzyl Haç Jemgyýetleri boýunça Federasiýasy, umuman, tebigy betbagtçylyklar emele gelen regionlarda iş alyp barýar.

Bu Federasiýa aýratynam bütin dünýäde Gyzyl Ýarymaý we Gyzyl Haç boýunça milli jemgyýetleri hem goldaýar. Bu guramanyň Halkara Gyzyl Haç Komiteti bilen arasyndaky tapawudy, biziň ýaragly dartgynlylyk we konflikt dowam edýän regionlarda iş alyp barmagymyzdyr.

Azatlyk Radiosy: Halkara Gyzyl Haç Komiteti hökmünde siz şu güne çenli Merkezi Aziýada nähili işler alyp bardyňyz, bitiren işleriňiz hakda has takygrak maglumat berip bilersiňizmi?


Kiristiýan Kardon: Gyrgyzystan bilen bagly soňky döwürlerde amala aşyran işlerimizi mysal getirip bolar. Bu ýurda saglyk pudagynda ýüzbe-ýüz bolnan kynçylyklary çözmek üçin yzygiderli ýardam edip gelýäris.

Biziň Gazagystanda we Täjigistanda hem edaramyz bar. Türkmen resmileri bilen hem gepleşikler geçirýäris. Emma, umuman aýdylanda, bu regionda alyp barýan işlerimiz hem beyleki sebitlerden tapawutly däl, biz özümize berlen ygtyýarlyklaryň çäginde iş alyp barýarys. Şol wezipeler, elbetde, adamlary goramak we olara kömek etmekden ybarat.

Azatlyk Radiosy: Has takyk mysal getirip biljekmi? Meselem, Gyrgyzystan barada gürrüň etdiňiz, şol ýurda nähili kömek berdiňiz?

Kiristiýan Kardon: Eger bu ýurtda alnyp barlan işler hakda takyk mysal bermegimi isleýän bolsaňyz, hawa aýdaýyn. Saglyk pudagy bilen bagly bu ýurduň ýüzbe-ýüz bolýan problemalarynyň hötdesinden gelip bilmegi üçin Gyrgyzystanyň saglyk edaralaryna kömek etdik.

Halkara Gyzyl Haç Komiteti saglyk boýunça ýurtda zerurlyk duýulýan ugurlar bilen bagly Gyrgyzystanyň saglyk edaralaryna we guramalaryna ýardam etdi. Biziň käbir ekspertlerimiz iş seminarlaryny geçirmek we ýerli lukmanlary türgenleşdirmek üçin Gyrgyzystana sapar etdiler. Şeýle-de şol ýurda saglyk boýunça materiarllardyr, enjamlar hem ugradyldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda nähili işler alyp barýarsyňyz?

Kıristiýan Kardon: Türkmenistanda edaramyz bar, ol region boýunça Daşkentde ýerleşýän wekilhanamyz tarapyndan dolandyrylýar. Häzire çenli şol ýurtda diňe bir kärdeşimiz iş alyp barýar.

Türkmenistan bilen bagly alnyp barylýan işleriň özeňi şundan ybarat. Biz häzirki döwürde, tussaglar bilen bagly Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň tejribelerini türkmen hökümeti bilen paýlaşmaga taýýardygymyzy aýdyp, bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek üçin Aşgabada teklip hödürlemek barada hökümet wekilleri bilen gepleşikler geçirýäris.

Şeýle-de biz ynsanperwerlik boýunça halkara kanunlaryň durmuşa girizilmegi üçin hökümete ýardam bermek barada teklip hödürleýäris. Häzirki döwürde biziň Türkmenistan bilen bagly alyp barýan işlerimiz we tagallalarymyz şundan ybarat.

Elbetde, bu ýurtda alnyp barylýan takyk iş ýok. Ýöne geljekde tussaghanalara baryp görmäge mümkinçilik dörediler ýaly we hökümete bu ugurda kömek etmäge ýagdaý bolar ýaly, biz häzirki döwürde resmiler bilen diňe gepleşikler geçirmäge üns berýäris.

Azatlyk Radiosy: Bilişime görä, şeýle gepleşikler ençeme ýyldan bäri dowam etdirilýär, emma bu diskusiýalardan haýsydyr bir anyk netije gazanmak şeýle kyn bolarly? Onuň sebäbi näme?


Kiristiýan Kardon
: Biziň Türkmenistanda şu mahalky edýän tagallalarymyz ýurduň tussaghanalaryna göni baryp görmäge rugsat edilmegi bilen bagly däldir. Öň hem aýdyşym ýaly, Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň ýaragly konfiliktler dowam edýän ýurtlaryň türmelerine baryp görmäge mandaty bar. Emma Türkmenistan barada aýdylanda, biziň tussaglar bilen bagly tejribelerimizi hökümet ýolbaşçylaryna diňe teklip etmäge ýagdaýymyz bar.

Bu ýagdaý beýleki ýurtlarda alnyp barylýan işlerimiz bilen deňeşdirilende az kem tapawut edýär. Biz ýurtdaky düzgünleriň bu ugur boýunça halkara standartlaryna ýetirilmegine olara kömek etmäge synanşýarys.

Azatlyk Radiosy: Siziň teklipleriňize türkmen ýolbaşçylary tarapyndan nähili reaksiýa görkezilýär?


Kiristiýan Kardon: Bu dialoglar, gepleşikler geçirmäge doly ygtyýary bolan wekiller tarapyndan amala aşyrylýar, men bu barada hiç zat aýdyp biljek däl.

Türkmen ýolbaşçylary bilen häzirki döwürde diňe tussaglar barada tejribelerimizi paýlaşmak boýunça teklip hödürlemek bilen bagly diskussiýalar geçirilýär. Emma ýerli ýolbaşçylar tarapyndan bu teklibe görkezilýän reaksiýa hakynda men size maglumat berip biljek däl.

Azatlyk Radiosy: Bu teklibi hödürlemekligiň siziň üçin ähmiýeti näme, ýagny bu teklibi hödürläp, siz näme gazanjak bolýarsyňyz?

Kiristiýan Kardon: Öň hem belläp geçişim ýaly, tussaglary gorap çykyş etmeklik Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň öňde goýýan esasy wezipelerinden biridir. Biz bu tagallalarymyzy dünýäniň azyndan 80 töweregi ýurdunda ençeme ýyldan bäri dowam etdirýäris. Belli ýagdaýlarda Halkara Gyzyl Haç Komitetine türmelere baryp görmäge, elbetde, rugsat edilmeli. Emma Türkmenistan ýaly ýurtlar barada aýdylanda, biziň wezipämiz şol ugurlar boýunça olara öz tejribelerimizi hödürlemekden ybaratdyr.

Şonuň üçin, iň bärkisi bendiler bilen bagly aýdylanda, şol ýurtdaky ýagdaýlaryň halkara standartlaryna gabat getirilmegi üçin alnyp barylýan tagallalara ýardam etmeklik Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň nukdaýnazaryndan möhüm bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Siz käbir ýagdaýlarda Halkara Gyzyl Haç Komitetine türmelere baryp görmäge rugsat edilmelidigini we Türkmenistan ýaly ýurtlarda bolsa bu guramanyň mandatynyň diňe teklip hödürlemek bilen çäklenýänligini aýdýarsyňyz. Bu nähili bolýar, bu meseläni anyklaşdyryp bolarmy?

Kiristiýan Kardon: Bu bendileriň we tussaghanalaryň ýagdaýy boýunça ynsanperwerlik baradaky halkara kanunlaryna bagly mesele. Ženewa konwensiýasyna laýyklykda, haçanda iki ýurduň arasynda harby çaknyşyk bolan halatynda, Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň işgärlerine türmelere baryp görmäge rugsat edilmeli. Bu diňe halkara derejede bolan ýaragly çaknaşyk bilen bagly bize berlen mandatdyr.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan ýaly ýurtlaryň ýolbaşçylaryny sizi diňlemäge mejbur edýän haýsydyr bir düzgün barmy?

Kiristiýan Kardon: Türmelere baryp görmek bilen bagly aýdylanda, Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň agzalaryna öz türmeleriniň gapylaryny açmak barada Türkmenistany mejbur edýän hiç hili madda ýok. Emma käbir ýurtlarda hökümet ýolbaşçylary halkara Gyzyl Haç Komitetiniň işgärlerine öz türmelerine baryp görmäge meýletin rugsat edýärler.

Ýogsa, biziň işgärlerimize islendik ýurduň türmelerine barmaga hökmän rugsat edilmeli diýlen zat ýok. Emma hökümet ýolbaşçylary bilen geçirilýän duşuşyklarda biz olara türmelerdäki ýagdaýlaryň halkara standartlaryna gabat getirilmegi üçin diňe ýardam etmäge synanyşjakdygymyzy aýdýarys.

Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň türmeler baradaky maglumatlary aşa gizlinlikde saklaýanlygyny we bu syrlary hiç kime paş etmeýänligini hem olara düşündirmäge synanyşýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG