Sepleriň elýeterliligi

Kameron Britaniýanyň premýer-ministri boldy


Täze premýer-ministr Deýwid Kameron we onuň aýaly Samanta taryhy 10 Downing Streetde garşylanýar, 11-nji maý, 2010-njy ýyl.

Täze premýer-ministr Deýwid Kameron we onuň aýaly Samanta taryhy 10 Downing Streetde garşylanýar, 11-nji maý, 2010-njy ýyl.

11-nji maýda Britaniýanyň täze premýer-ministri yglan edildi. Britaniýada geçen parlament saýlawlaryndan soň bu wezipäni Konserwatorlar partiýasynyň ýolbaşçysy Deýwid Kameron eýeläp, 13 ýylyň dowamynda Britaniýany dolandyran Leýboristler partiýasyny häkimiýet başyndan çetleşdirdi.


6-njy maýda Britaniýada geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanan Konserwatorlar partiýasynyň lideri Deýwid Kameron 11-nji maýda Bukengem köşgüne baryp, resmi taýdan täze hökümeti düzmek üçin korolewa Ýelizawetanyň rugsadyny aldy.

13 ýylyň dowamynda Britaniýany dolandyran Leýboristler partiýasyndan soň, Britaniýanyň premýer-ministri wezipesini eýelän konserwatorlaryň lideri 43 ýaşly Deýwid Kameron soňky 200 ýylyň dowamynda bu ýurtda häkimiýet başyna geçen iň ýaş syýasatçy hasaplanýar.

Soňky 30 ýylyň dowamynda geçirilen saýlawlardan tapawutlylykda şu gezek konserwatorlara parlamentdäki orunlaryň köpçüligini almak başartsa-da, olar hökümeti düzmek üçin sesleriň zerur bolan sanyny alyp bilmediler. Bu saýlawlarda sesleriň sany boýunça ikinji orny Leýboristler partiýasy eýeledi, Liberal-demokratlar bolsa üçünji orny eýelediler.

Koalisiýany döretmek konserwatorlara başartdy


Dört günläp dowam eden syýasy gepleşiklerde hem konserwatorlar, hem leýboristler Liberal-demokratlar bilen gepleşik geçirip, hökümeti dolandyrýan koalisiýany döretmäge synanyşdylar. Britaniýadaky saýlawlardan soň dört gün dowam eden syýasy gepleşikleriň uzaga çekmeginden nägile bolan halk hökümet binasynyň öňunde ýygnanyşyp, ýanlaryndan geçýän deputatlara “Bir karara geliň!” diýip, gygyryşdylar.

11-nji maýda, giçlik, Leýboristler partiýasyna hökümeti dolandyrjak ýaranlygy döretmek başartmandygy anyk boldy. Bu mesele bilen bagly Britaniýanyň premýer-ministriniň rezidensiýasynyň ýanynda, Downing Street köçesinde, žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Deýwid Kameron Liberal-demokratlar bilen täze hökümeti düzmäge taýýardygyny aýtdy.

Britaniýanyň täze premýer-ministri “Men konserwatorlardan hem liberal-demokratlardan ýurdy dolandyrjak koalisiýany düzmegi maksat edinýän. Men häzirki döwürde ýurda örän zerur bolan berk, durnukly, işeňňir hökümeti düzmek ugrunda biziň saýlan bu ýolumyzyň dogrudygyna ynanýaryn” diýip, öz çykyşynda aýtdy.

Bu çykyşynda Deýwid Kameron Liberal-demokratik partiýanyň lideri Nik Kleg barada gürrüň edip, ylalaşyksyz syýasy garaýyşlary bir gyrada goýup, Britaniýanyň milli bähbitlerini aramak ugrunda hereket etmelidigini nygtady. Maglumatlara görä, Nik Kleg konserwatorlar bilen geçirilen gepleşiklerde özüniň esasy talaby – Britaniýanyň saýlaw sistemasynyň özgerdilmegi baradaky meselede üstünlik gazanypdyr. Ýogsa, ozal Kameronyň Konserwatorlar partiýasy Britaniýanyň esasy iki partiýasy üçin amatly bolan saýlaw sistemasynyň özgerdilmegine garşy çykýardy.

Gordon Braun wezipesinden gitdi

Britaniýanyň täze premýer-ministri Deýwid Kameron Leýboristler partiýasynyň lideri, Britaniýanyň öňki premýer-ministri Gordon Brauna eden hyzmatadaşlygy üçin hem-de Angliýanyň esasy kynçylyklary bolan býujet defisitini, sosial problemalary, syýasy reformalaryň zerurlygy ýaly meseleler boýunça alyp baran işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

11-nji maýda, Dawid Kameronyň çykyşyndan birnäçe sagat öň, Gordon Braun çykyş edip, “Meniň Leýboristler partiýasynyň lideri hökmünde wezipämden çekilmegim bada-bat öz güýjüne girýär. Meniň hemme kärdeşlerime sagbolsun aýdasym gelýär. Meniň bilen bile işleşen ministrler, parlamentiň deputatlary diňe dostlarym bolman, olar öz ýurduna berlen adamlardyr” diýdi.

Şoňra-da ol Britaniýanyň täze premýer-ministrine üstünlik arzuw edip, wezipesinden çekilýändigini korolewa aýtmak maksady bilen Bukengem köşgüne ugrady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG