Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede atom elektrik stansiýasyny gurmak barada ylalaşyldy


Şu gün Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Türkiýä saparynyň barşynda Türkiýede ilkinji atom elektrik stansiýasyny gurmak barada ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekildi.

Orsýetiň ýardam bermeginde Türkiýede, Orta ýer deňziniň kenarynda guruljak bu atom elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň bahasy takmynan 20 milliard dollar töweregi bolar diýlip garaşylýar.

Şeýle hem, Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan öz gepleşiklerinde iki ýurduň özara hyzmatdaşlyk Geňeşini döretmek barada-da ylalaşyga gol çekdiler.
XS
SM
MD
LG