Sepleriň elýeterliligi

Latwiýa Kurmanbek Bakyýewiň ogluny gözleýär


Şu gün Latwiýanyň polisiýasy bu ýurtda gizlenýär diýlip hasaplanylýan Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň ogly Maksim Bakyýewi resmi ýagdaýda gözlemek işine başlady.

Latwiýanyň içeri işler ministri Linda Murniese bu gözlegiň Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň Maksim Bakyýewiň ekstradisiýa edilmegi baradaky haýyşy esasynda ýola goýlandygyny aýtdy.

Gyrgyzstanyň wagtlaýyn hökümeti Maksim Bakyýewi millionlarça dollarlyk korrupsiýa işleri bilen baglanyşykly jenaýatçylyklarda aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG