Sepleriň elýeterliligi

Liwiýada ýolagçy uçary heläkçilige uçrady


Şu gün irden Liwiýanyň paýtagty Tripoli şäheriniň golaýynda bu ýurduň ýolagçy uçary heläkçilige uçranda, ondaky 105 adamdan 104-si wakanyň pidasy boldy.

Liwiýanyň transport ministri Muhammed Ali Zaýdan bu uçar heläkçiliginde diňe bir gollandiýaly ýaş oglanyň diri galandygyny habar berdi.

Muhammed Ali Zaýdanyň aýtmagyna görä, häzirki wagta çenli ölenlerden 96-synyň jesedi anyklanylypdyr.

Bu waka Günorat Afrika respublikasyndan uçup baran ýolagçy uçary Tripoli şäheriniň aeroportynda gonmakçy bolanda ýüze çykdy.

Uçar heläkçiliginiň sebäpleri barada häzirlikçe hiç hili resmi garaýyş öňe sürülmeýär.
XS
SM
MD
LG