Sepleriň elýeterliligi

Timoşenko garşy jenaýat işi gozgaldy


Şu gün Ukrainanyň häkimiýetleri ýurduň öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko garşy korrupsiýa bilen baglanyşykly ozalky bildirilen aýyplamalar esasynda täzeden jenaýat işini gozgady.

Hususan-da, şu gün Ukrainanyň Baş prokuraturasy Ýuliýa Timoşenkony bu barada ýörite gürrüňdeşlige çagyryp, jenaýat işiniň gaýtadan gozgalýandygy baradaky kararyň resmi nusgasyny oňa gowşurdy.

Ozalbaşda Ýuliýa Timoşenko garşy jenaýat işi 2004-nji ýylda gozgalypdy. Ýöne 2005-nji ýylda bu iş ýapyldy.

Ukrainanyň prokuraturasynyň sülçüleri Timoşenkonyň Ýokary suduň sudýalaryna para bermek synanyşyklary bilen baglanyşykly jenaýat işiniň düýpli derňelmändigini belläp, bu işiň gaýtadan derňeljekdigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG