Sepleriň elýeterliligi

Parlament Nazarbaýewe «milletiň lideri» statusyny bermegi gollady


Şu gün Gazagystanyň parlamentiniň aşaky palatasy prezident Nursoltan Nazarbaýewe «milletiň lideri» diýen täze statusy beriji kanuny proýekti goldap ses berdi.

Bu täze status prezident Nazarbaýewe birgiden goşmaça eldegrilmesizlik hukuklaryny berýär.

Bu kanuna gorä, Nursoltan Nazarbaýew diňe bir prezidentlik möhletiniň dowamynda däl, eýsem, prezidentlik wezipesinden gidenden soň hem hiç hili kanun bozmalarda aýyplanylyp bilinmeýär.

Oňa garşy ýaramaz sözleri ulanmak we ony ýaramaz işlerde aýyplamaklyk hem, täze kanuna görä, jenaýat işi hasaplanylýar.

Indi bu baradaky kanunyň proýekti parlamentiň ýokarky palatasynda sese goýulmaly.
XS
SM
MD
LG