Sepleriň elýeterliligi

Ýakynda Türkmenistanyň telewideniýesiniň «Watan» informasion programmasynda görkezilen sýužetlere görä, ýene Türkmenistanda neşe serişdelerini ýaýradyjylaryň garşysyna göreş yglan edilene meňzeýär.

«Watanyň» şol günki programmasynda Aşgabat şäherinden hem-de Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabyndan bolan käbir ýaşaýjylaryň neşe serişdelerini ösdürip ýetişdirýärkä hem-de satyp ýören wagtlarynda ele düşen pursatlary halka ýetirildi.

Olaryň arasynda patyşa Russiýasynyň Gökdepe galasyny zabt edip alan wagtynda (1881-nji ýyl) Gökdepeden guma gaçyp, häzirki Derweze, Bokurdak diýlip atlandyrylýan obalarda ýaşaýan, batyr gökdepelileriň nesillerinden bolan adamlar-da bar. Her döwür bir döwür. Ullakan imperiýanyň ganhor goşunlaryndan gorkman, söweşe atlanan batyrlaryň nesilleri bu günki gün keçe boýy ýerjagazda göknar ekip ýetişdiripdirler. Olaryň eken göknar ekinleri eýýäm gülläp otyr, owadan güllerem bar. Göknar ekenleriň ýüz-gözünden olaryň özleriniň-de eýýäm neşekeşlerdigi görnüp dur. Sebäbi neşäni satýan adam ilki neşe öwrenip, soň satyp başlaýar. Özlerem ep-esli ýaşan, ýaşuly adamlar.

Sen haýsy batyryň nesli bol, tapawudy ýok, neşe belasyna agzyňy urdugyň bes, ol seni ýykman goýmaýar. Onsoň sen onuň guly bolýarsyň hem-de misli boýnuňda göze görünmeýän ýüp bar ýaly, onuň yzyna düşüp ýörsüň.

Hawa, neşe ýaýradyjylaryň garşysyna göreş yglan edildi. Eýýäm oba-şäherlerde «Ol ýygnalypdyr, bu ýygnalypdyr» diýlen gürrüňler köpeldi. Olaryň arasynda şol bir öýden tutulan ikinji, üçünji adam bolup türmä ugraýanlar-da bar.

Doly saplanyp bolarmyka?

Neşe satýanlary tutup, olary türmä birsyhly iberip durmak bilen neşekeşlikden doly saplanyp bolarmyka?

Neşekeşligi ýok etmek üçin ilkinji nobatda neşekeşleri bejermek gerek. Özem LTP (bejeriş-zähmet profilakturasy) diýilýän ýerde däl-de, hakyky keselhanalarda. LTP-de hiç hili bejerginiň ýokduguny, ol ýerde gaýtam neşäniň söwdasynyň has gowudygyny LTP diýlen ýere gidip gelýän neşekeşler aýdýarlar.

LTP «Ol ýere pylança neşekeşi ugratdyk» diýip, hasabat bermek üçin polisiýanyň uçastok inspektorlaryna tutaryk. Mysal üçin polisiýanyň ýerli wekili (uçastok inspektory) bir neşekeşi tutup, şu gün LTP-ä ugratsa, neşekeşiň hossarlary ony tölemeli puly töläp, iki-üç günden yzyna getirip bilýärler.

Neşekeş LTP-de näçe gün ýatsa, ýatybermeli, islese bir gün, islese, bir aý. Onuň bejerileni -bejerilmedigi hiç kimi gyzyklandyrmaýar. Onuň bejerilenini isläp duran hem ýok. Uçastok inspektorynyň ýazgy depderine neşekeşleriň LTP-ä ugradylandygy hakda ýazgy düşse bolýar.

Neşekeş näme üçin neşe satýar?

Munuň sebäbi kän. Birinjiden, ol öz çekjek neşesiniň puluny gazanmaly. Ikinjiden, maşgalasyny eklemeli. LTP-ä gidip gelen neşekeşler narkodispanserde ýörite hasapda durýar. Işe girmek üçin her bir adam narkodispanserden neşekeş dälidigi hakda güwänama getirmeli. Dispanserde hasapda durýan neşekeşe bolsa şeýle hat berilmeýär. Şeýle bolansoň, neşekeşi hiç bir ýere işe almaýarlar.

Adama iş berilmese, onuň maşgalasy nireden çörek puly tapmaly? Ine, hökümet şu meseläni ilkinji nobatda öwrenmeli. Elbetde, neşe serişdelerini ýaýratmak gowy däl. Neşe satyjy munuň üçin hökman almyt almaly. Ýöne ol neşäni näme üçin satýar? Şu soraga jogap tapmak hökümete, has dogrusy, hökümet ýolbaşçylaryna degişli.

Hiç hili iş tapman ýören maşgalalar bar. Bialaç ýagdaýda neşe söwdasyna goşulýanlar bar. Telewideniýedäki çykyşlarynda neşe ýaýratmakda tutulanlar: «Hökümetimiz iş berip dur. Gül ýaly ýaşaýşymyz bar» diýip gepleýärler. Ýöne hakykatda welin, bu beýle däl. Köp adamlar neşe söwdasyna işsizlikden baş urýarlar.

Neşe söwdasyna baş urmagyň ýene bir sebäbi: ýolbaşçy adamlar wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanyp, korrupsiýa ýüz urup, gymmat bahaly jaýlardan ençemesini edinip durlar, maşyn üstüne maşyn, aýal üstüne aýal alýarlar. Şu zatlary görüp duran halkyň ejiz bölegi aňsat eklenje ýüz urup, jaýly-maşynly adamlaryň yzyndan ýetmek isleýärler hem-de neşe söwdasyna baş goşýarlar.

Neşekeşler gowy bejerilse, neşäni çekmäge adam galmasa, neşe söwdasy öz-özünden ýatar. Adamlary tutup, aldygyna türmä ugradanyň bilen neşe söwdasynyň soňuna çykyp bolmaz. Hökümet adamlaryň ykbaly hakda ymykly alada etmeli. Ilkinji nobatda halka iş bermeli.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG