Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çynlakaý sorag


Prezident Berdimuhamedow wagtal-wagtal hökümetiň liberal reformalary taýýarlaýandygyny, basym zerur kanunlaryň kabul ediljekdigini wada berýär. Emma bu gün jemgyýetde şol planlaryň açyk maslahaty ýok.


Munuň tersine, ýolbaşçylar ähli möhüm kararlary ýapyk gapylaryň aňyrsynda taýýarlamak praktikasyny dowam edýärler. Hut şonuň üçin-de, ýurduň graždanlarynyň özleri häkimiýetleriň režimi liberallaşdyrmak başlangyçlary baradaky käbir alamatlary tapmaga çalyşýarlar.

Soňky aýlaryň dowamynda ýokardan ýurduň jenaýat-prosessual kanunçylygynyň ýumşadylýanlygy baradaky tema eýýäm ikinji gezek hödürlendi. Mejlisiň ahyrky maslahatynda bu ugurda ýurduň möhüm kanunlarynda käbir zerur özgerişleriň boljakdygy barasynda habar berildi.

Birnäçe onýyllyklar bäri dowam eden gazaply eden etdilikden soňra, häkimiýetler aklawjylar institutynyň rolunyň möhümdigi we hatda zerurdygy barada dil ýardylar.

Emma Gurbanguly Berdimuhamedowyň oppozision partiýalaryň açyk işi boýunça beren başga bir wadasynyň durmuşa geçiriljekdigi barada entek belli zat ýok.

Özboluşly gozgalaň

Ýokardan syzýan maglumatlara görä, şu we beýleki möhüm syýasy temalaryň 14-nji maýda Daşoguzda geçjek Ýaşulular maslahatynda häkimiýetler tarapyndan yglan edilmeginiň mümkindigine garaşylýar.

Arasynda syýasy tussaglaryň-da bolmagy ähtimal ikinji günägeçişilige garaşýan türkmen jemgyýeti häzir bu maslahatyň öň ýanynda özboluşly gozgalaňy başdan geçirýär.

Garaşylýan günä geçişlik halk arasynda “Altyn günägeçiş” diýen ady hem aldy. Günäsi geçiljekleriň arasynda syýasy tussaglaryň hem bolmagynyň mümkindigi aýdylýar.

Türmä basylan belli oppozisia wekilleriniň ykbaly barada henize çenli hiç hili maglumat ýok. Ýaşulular maslahatynyň geçjek güni ýakynlaşdygyça, ahyrsoňy häkimiýetleriň “Döwlet – halk üçin” diýen esasy şygaryny durmuşa geçirmek ugrunda aýgytly ädim ätjekdigine türkmen jemgyýetinde ynam güýçlenýär.

Bir zada düşünmeli


Türkmen jemgyýetini liberallaşdyrman, hökümetiň ykdysadyýeti ösdürmek baradaky öňde goýýan planlaryny durmuşa geçirip bolmajakdygyna ýolbaşçylaryň düşünmezligi mümkin däl.

Dogrusy, häzirlikçe türkmen jemgyýetinde gazanylan ykdysady üstünlikler göze ilenok. Ol jemgyýet ýapyk we gazaply kazarma düzgünli döwlet režiminde saklanylýar. Graždan azatlygynyň derejesi, has dogrusy, onuň asla ýokdugy ähli ösüşi bökdeýän faktor. Kadrlar ýetmezçiligi we korrupsiýa Türkmenistanda göze dürtülip duran problemalar.

Eýse, garaşylýan Ýaşulular maslahaty Türkmenistanda taryhy waka öwrülermi? Ýurdy orta asyr çäkliliginden gutarmak üçin häkimiýetler nähili aýgytly ädimleri ätmäge ukyply? Halkyň garşysyna däl-de, onuň bähbidine çapmaga türkmen häkimiýetlerine eýse näme päsgel berýär?

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG