Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Al-Kaýdany basyp ýatyrmak barada gepleşikler geçirildi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama düýnki eden çykyşynda Waşington bilen Kabulyň gatnaşyklarynyň barha artyp barýanlygyny aýdyp, ABŞ-a resmi sapar bilen baran owgan ýolbaşçysy bilen Al-Kaýdany basyp ýatyrmak barada gepleşikleriň geçirilenligini belledi.

Ak-Tamda geçirilen duşuşyklardan soň habarçylaryň öňünde çykyş edip, Obama amerikaly harbylaryň Owganystandaky gozgalaňçylary basyp ýatyrmak barada uly ösüş gazananlygyny aýtdy hem-de şol çaknaşyklarda parahat ilata zyýan ýetmezligi üçin amerikaly esgerleriň elinden gelenini etjekdiklerini hem sözüne goşdy.

Obama prezident Karzaýyň korrupsiýa garşy alnyp barylýan göreşde käbir üstünlikler gazananlygyny belläp, bu ugurda henizem edilmeli işiň köpdügini nygtady.

Owganystanyň prezidenti Hamit Karzaý ABŞ tarapyndan berilýän maliýe kömekleriniň aşa seresaplyk bilen sarp ediljekdigini aýtdy.

Obama zorlugy we Al-Kaýda bilen gatnaşygy ret edýän Talyplar bilen gepleşikleriň geçirilmegi baradaky Karzaýyň teklibini Waşingtonuň goldajakdygyny belledi.
XS
SM
MD
LG