Sepleriň elýeterliligi

Klinton: “Eýrana garşy sanksiýalar girizmekde ösüş bar”


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton BMG tarapyndan Eýrana garşy girizilmeli täze sanksiýalar hakda geçirilýän gepleşikler babatda ösüşiň gazanylanlygy bilen bagly hytaýly resmileriň ylalaşýanlygyny aýtdy.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili Filip Krowly Klintonuň sişenbe güni hytaýly kärdeşi Daý Binggou bilen telefon arkaly bir sagat töweregi gepleşenligini aýdyp, şonda Eýran we Demirgazyk Koreýa hakda pikir alyşyldy diýdi.

Amerikaly wekil Tähranyň ýadro programmasy bilen bagly Eýrana garşy girizilmeli sanksiýalaryň dördünji tapgyry boýunça ylalaşyga gelmek üçin ýolbaşçylaryň 5+1 topary bilen işleşmegiň dowam etdirilmegi babatda ylalaşanlygyny hem aýtdy.

5+1 toparyna BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň bäş hemişelik agzasy we Germaniýa girýär. Şol ýurtlaryň wekilleriniň arasynda Nýu Ýorkda çarşenbe güni hem gepleşikler dowam etdirildi.
XS
SM
MD
LG