Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Andijanda bolan heläkçiligiň bäş ýyllygy bellenilýär


Şu gün Özbegistanyň Andijan regionynda bolan heläkçiligiň bäş ýyllygy bellenilýär. “Andijan gyrgynçylygy” diýlip atlandyrylýan şol wakada onlarça adam heläk bolupdy.

Mundan bäş ýyl ozal Andijanda hökümete garşy gurnalan proteste gatnaşan adamlara Özbegistanyň howpsuzlyk güýçleri hüjüm edipdi.

Şol adamlar yslamçy we seperatist hereketlere gatnaşanlykda aýyplanyp suda çekilýän 23 biznesmeniň azat edilmegini talap edip protest gurnapdylar.

Zenan we çagalaryň hem gatnaşanlygy aýdylýan şol demonstrasiýa 2005-nji ýylyň 13-nji maýynda howpsuzlyk güýçleri tarapyndan hüjüm edilipdi.

Proteste gatnaşanlygy aýdylýan adamlar tarapyndan bir harby merkeze hüjüm edilenden soň bu harby çäräniň amala aşyrylanlygy aýdylýar.

Şol habarlarda aýdylmagyna görä, adamlar harby merkezdäki ýaraglary ele salyp, soňra şol biznesmenler bilen bir hatarda beýleki tussaglary türmeden azat edipdirler.

Resmi maglumatlarda şol çaknyşyklarda esgerler bilen bir hatarda jemi 187 adamyň heläk bolanlygy aýdylýar.

Emma oppozision toparlar we hukuk goraýjy guramalar şol günki wakada heläk bolanlaryň sanynyň ençeme ýüze barabardygyny habar berýärler.
XS
SM
MD
LG