Sepleriň elýeterliligi

Bakyýewiň tarapdarlary Oşda hökümet jaýyny eýeledi


Gyrgyzystanyň Oş şäherinde öňki prezident Kurmanbek Bakyýewiň tarapdarlary şu gün ýerli hökümet jaýyny eýeläli bäri ýurtda ýagdaý ýene ýaramazlaşjaga meňzeýär. Sebäbi şu gün ir bilen 300 töweregi protestçi bu ýerde ýerli häkimiýetiň jaýynyň öňüne ýygnanyp, Bakyýewiň yzyna dolanyp gelmegini talap etdiler, soň hem zor bilen edara girdiler.


Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň habarçysy wagtlaýyn hökümet tarapyndan öten aý häkimlige bellenen Sooronbaý Jeenbekowyň edaradan gaçyp çykanlygyny aýdýar. Ol gidensoň, edara öňki häkim Mamasadyk Bakyrow barypdyr. Soňra wagtlaýyn hökümetiň tarapdarlary hem häkimligiň öňüne ýygnanypdyrlar.

Bakyrow adamlaryň öňünde eden çykyşynda kanunyň berjaý edilip, Bakyýewiň dolanyp gelmegini talap edipdir. Jeenbekow hem märekäni köşeşdirip, wagtlaýyn hökümetiň adamlaryň sosial talaplaryny ýerine ýetirip, reformalary amala aşyrjakdygyny aýdypdyr.

Polisiýanyň kontrollugynda


Ýurduň Içeri işleri ministrliginiň sözçüsi Bakyt Seýidow Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna Oşda tertip-düzgüniň polisiýanyň kontrollugyndadygyny aýtdy: “Şu gün, edil şu wagt, Oşuň öňki häkimi Bakyrowyň tarapdarlary ýygnanyp, häzirki häkimiň wezipe başyndan aýrylmagyny talap etdiler. Olar onuň edarasyny eýelediler. Şu wagt häzirki häkim Jeenbekow edaranyň daşyna ýygnanan märeke bilen gepleşik giçirýär. Tertip-düzgüniň düýpli bozulan ýeri ýok. Ähli zada kontrollyk edýän Oş şäheriniň polisiýa işgärleri”.

Wagtlaýyn hökümetiň başlygy Roza Otunbaýewa täze hökümetiň häkimiýet başyndan kowlan öňki hökümetiň öç almagyna ýol bermejekdigini nygtady. Wagtlaýyn hökümetiň başlygynyň orunbasary Azimbek Beknazarow hem Oşdaky wakalary öňki hökümetiň öç almak üçin edýän tagallalary diýip häsiýetlendirip: “Bular ýaly synanyşyk başa barmaz. Sebäbi wagtlaýyn hökümeti halk doly goldaýar” diýdi.

“Ýagdaý çylşyrymly diýip bileris. Sebäbi rewolýusiýa garşy güýçler ara goşuljak bolýarlar. Olaryň maksady bir ýol bilen öç almak. Rewolýusiýadan soň dürli güýçler bardy. Olar indi agyz birikdirýärler” diýip, Beknazarow aýtdy.

Bakyýew Belarusda

Aprel aýynyň başlarynda häkimiýet başyna gelen hökümete garşy gandöküşikli protestlerde häkimiýet başyndan kowlan Bakyýew häzir prezident Aleksandr Lukaşenkonyň çakylygy boýunça Belarusda.

Wagtlaýyn hökümet protestçileriň öldürilmegi hem-de öz wezipesinden galp peýdalananlygy bilen baglanyşykly sud edilmegi üçin Belarusdan Bakyýewiň yzyna berilmegini talap etdi.

Gyrgyz mediasynyň habar bermegine görä, pida çekenleriň hossarlary hem şu gün Bişkekde Belarus ilçihanasynyň öňünde demonstrasiýa geçirip, Bakyýewiň Gyrgyzystana gaýtarylyp berilmegini talap edipdirler.
XS
SM
MD
LG