Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýewiň “Milletiň lideri” bolmagyna garaşylýar


12-nji maýda Gazagystanyň parlamentiniň aşaky öýi bolan Mejlisiň agzalary prezident Nursoltan Nazarbaýewe “Milletiň lideri” adyny bermek dogrudaky kanuny biragyzdan kabul etdiler.

Bu kanun Nazarbaýewe, ol prezident wezipesinden çekilensoň-da, ýurduň içerki we daşary syýasatyna täsir etmek ygtyýaryny berýär. Üstesine-de, ony geljekde derňewlerden we kanun tarapyndan yzarlanmakdan boşadyp, şahsyýetiniň eldegrilmesizligini üpjün edýär.

Kanuny teklip edenleriň biri, parlamentiň agzasy we prezidentiň tarapdary “Nur Otan” partiýasynyň wekili Amzebek Žolşibekow kararyň halkyň islegini mälim edýänligini Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Gazagystanyň ilkinji prezindeti barada 2001-nji ýylda kabul edilen kanun Nazarbaýewe, prezident wezipesinden çekilensoň-da, islendik wagtda parlamentiň öňünde çykyş etmek ýa radio-telewideniýe arkaly halka ýüzlenmek hukugyny berýärdi. Bu kanun islendik täze kanunlaryň ýurduň birinji prezidenti tarapyndan makullanmagyny göz öňünde tutýardy.

Emma 12-nji maýda kabul edilen täze kanun prezidentiň hukuklaryny hasam giňeldýär.

Kanun N.Nazarbaýewiň prezident wezipesinde eden ýa makullan islendik ädimlerini derňemek mümkinçiligini aradan aýyrýar.

Aýyplama bildirilipdi

On ýyl mundan öň Nazarbaýew ABŞ-nyň korrupsiýa boýunça derňewi bilen baglylykda agzalypdy. Şeýle-de ol öz adyna döwlet gaznasynyň puluny Şweýsariýanyň banklaryna geçirmekde aýyplanypdy.

2003-nji ýylda N.Nazarbaýewiň döwlet pullaryny Şweýsariýanyň banklaryna ýerleşdirilenligi resmi taýdan tassyklansa-da, bu hasaplaryň adatdan daşary ýagdaýlar üçin ýörite fond görnüşinde açylanlygy aýdyldy. Emma munuň yz ýany Gazagystanyň parlamenti onuň adyna daşary ýurtlardaky hasaplaryň bardygyny tassyklansoň, öňki salgyt hasabatlaryny ýok etmek barada görkezme berildi.

Nursultan Nazarbaýewiň adyna edilýän iň güýçli aýyplamalar onuň öňki giýewisi Rahat Alyýew bilen bagly. Gazagystanyň prezidentiniň ady 2006-njy ýylda bir oppozisiýa wekiliniň ölümi bilen hem baglanyşdyrylýar. Emma Nazarbaýewiň tarapdarlary döwlet baştutanynyň adyny garalaýan aýyplamalary ret edýärler.

Howpsuzlygy kepillendirilýär

Gazagystanyň prezidentiniň hukuklaryny kepillendirýän täze kanunyň kabul edilmegi bilen Nazarbaýewiň adyna edilýän aýyplamalaryň hiç birisiniň derňelmegine mümkinçilik galmaýar.

Täze kanuna görä, Nazarbaýewiň we onuň garyndaşlarynyň emläginiň hem geljekde elinden alynmajagy kepillendirilýär.

Kanun oppozisiýa wekilleri tarapyndna berk tankyt edildi. Şu ýylyň aprel aýyna çenli Gazagystanyň Kommunistik partiýasyna ýolbaşçylyk eden Serikbolsun Abdildin kanunyň hökümetiň ýa halkyň islegini mälim etmeýänligini belledi.

Agzalan kanuna 13-nji maýda Gazagystanyň parlamentiniň ýokarky öýi bolan Senatyň seretmegine adaty bir formal çäre hökmünde garalýar.

Gazagystanyň parlamentiniň düzümine oppozision partiýalaryň hiç biri girmeýär.
XS
SM
MD
LG