Sepleriň elýeterliligi

Rim papasy Fatima ybadathanasynda wagyz etdi


Rim papasy Benedikt XVI 13-nji maýda Portugaliýa saparynyň dowamynda Mesihi katolikleriň mukaddes ýeri bolan Fatima baryp, bu ýere ýygnanan müňlerçe adamyň öňünde dini wagyz bilen çykyş etdi.

Watikanyň resmileriniň beren maglumatyna görä, Fatimada ýarym milliona golaý zyýaratçy ýygnanypdyr.

Fatimadaky ybadathananyň metbugat sekretary katolik ybadathanasynyň başdan geçirýän krizisi döwründe köp adamyň ýygnanyp, Rim papasyna goldaw berendiklerini aýtdy.

Portugaliýa edýän 4 günlük saparynyň dowamyndaky çykyşlarynyň birinde Rim papasy katolik ybadathanasynyň ýagylarynyň daşardan däl-de, diňe gulluk edýänleriň arasyndan çykýandygyny aýtdy.

Ýakynda Watikanda katolik ruhanylaryň jynsy eden-etdiligi sebäpli dawalar döräp, katolikleriň abraýyna zeper ýetipdi.
XS
SM
MD
LG