Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde iki çagada poliomelit tapyldy


Orsýetde poliomelit keseline uçran iki çaga hasaba alyndy.

Olaryň biri ýakynda Irkutsk oblastynda hasaba alyndy. Beýleki çagada bu kesel 13-nji maýda Moskwada tapyldy.

Kesellän çagalaryň ikisi hem Täjigistandan gelen 9 aýlyk bäbekler.

Olar Täjigistandan 6 ýaşamadyk çagalary Orsýete getirmek babatdaky gadagançylyk girizilmänkä bu ýurda ene-atalary bilen geldi diýlip, habar berilýär.

13-nji maýda Orsýetiň baş sanitar lukmany Genadiý Onişenko çagalaryň ýagdaýynyň kadalydygyny aýtdy.

Täjigistanda poleomilit epidemiýasy netijesinde 300-e golaý çaga bu kesel ýokuşyp, 15 çaga heläk boldy.
XS
SM
MD
LG