Sepleriň elýeterliligi

Owganlar eýran resmilerine garşy protest geçirdiler


Owganystanyň Jelalabad şäherinde ýerleşýän Eýranyň konsullygynyň öňünde bolan demonstrasiýa müňe golaý adamyň gatnaşandygy habar berilýär.

Demonstrantlar Eýran häkimiýetleriniň owgan bosgunlaryny kemsidýändigine garşy protest bildirdiler.

1980-nji, 1990-njy ýyllarda millionlarça owgan ýurtdaky uruşdan gaçyp, Eýranda gaçybatalga tapdy.

Ýakynda eýran häkimiýetleri birnäçe owgan bosgunyň neşe söwdasynda aýyplanyp ölüm jezasyna höküm edilendigini habar berdiler.
XS
SM
MD
LG