Sepleriň elýeterliligi

Sibiriň kömür käninde heläk bolanlaryň sany 66-a bardy


Rus resmileri Sibirdäki kömür käninde bolan partlamalarda ölenleriň sanynyň azyndan 66-a ýetendigini, 24 şahtaçynyň bolsa henizem tapylmaýandygyny aýdýarlar.

Maglumata görä, penşenbe güni daňdan ýene 6 adamyň jesedi tapylypdyr.

Moskwadan 3 müň kilometr gündogarda ýerleşýän Kemerowodaky bu kömür käninde bolan partlamada 80-e golaý şahtaçy ýaralandy.

13-nji maýda bu kömür käninde metan gazynyň derejesiniň ýokarlanyp, partlamanyň emele gelmek howpunyň artandygy habar berildi.
XS
SM
MD
LG