Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gyrgyzystanyň goranmak ministri Oşa bardy


Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň goranmak ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi ýurduň günortasynda ýerleşýän Oş şäherine bardy.

Häzirki döwürde Oşda ýerleşýän hökümet binalaryny öňki prezident Kurmanbek Bakyýewiň tarapdarlary özleriniň kontrollugynda saklaýarlar.

Ýurduň günortasynda ýerleşýän beýleki iki welaýat, ýagny Batekan bilen Jalal-Abatda ýerleşýän hökümet binalaryna hem düýn Bakyýewiň tarapdarlary zor bilen girdiler.

Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň ýolbaşçysy Roza Otunbaýewa Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna beren interwýusynda ýurdy gaýra çekmäge synanyşýanlara garşy Bişkegiň göreşjekdigini aýtdy.

“Eger bize garşy päsgelçilikler döretmek isleýänler, Gyrgyzystany yza çekmäge hem-de bizi bölmäge synanyşýan güýçler bar bolsa, biz olara garşylyk bereris. Biziň olara garşy durmaga taýýarlygymyz hem-de güýjümiz bar” diýip, Otunbaýewa aýtdy.
XS
SM
MD
LG