Sepleriň elýeterliligi

Türk hökümeti Gresiýa raýdaşlyk bildirýär


Türkiýe çenden aşa bergi krizisi bilen ýüzbe-ýüz bolup duran Gresiýa arka çykýar.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan düýnki eden çykyşynda Afinynyň Ankara daýanyp biljekdigini aýtdy.

Ärdogan bu baradaky pikirini Afina etjek iki günlük resmi saparynyň öňüsyrasynda aýtdy. Ärdogan bu saparynyň dowamynda gresiýaly kärdeşi Jorj Papandriýo bilen duşuşar.

Ýolbaşçylar bu iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklary artdyrmagy maksat edinýän “geňeş boýunça platformanyň” ýygnagyna-da baştutanlyk ederler.

Bu topara her iki ýurtdan 10 ministr girýär.
XS
SM
MD
LG