Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýanyň paýtagty Afinyda partlama boldy


Gresiýanyň paýtagty Afinyda ýerleşýän merkezi türmäniň gapysynyň öňünde partlama boldy.

Wakada töwerekde ýerleşýän binalara zyýan ýetip, iki adam çala ýaralandy.

Penşenbe güni bolan bu waka bilen bagly howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ýaýradylan beýanatda bu partlamanyň söweşiji toparyň 6 agzasynyň tussag edilmegi bilen bagly bolup biljekdigi aýdylýar.

Bu partlama Gresiýada dowam edýän ykdysady krizis bilen bagly hökümet tarapyndan görülýän çäreleriň yzýanyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG