Sepleriň elýeterliligi

Obama bilen Medwedew Eýran barada pikir alyşdy


Penşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen orsýetli kärdeşi Dimitriý Medwedewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Ak Tam habar berýär.

Resmi beýanatda aýdylmagyna görä, prezidentler BMG tarapyndan Eýrana garşy girizilmeli sanksiýalar baradaky tagallalary artdyrmak boýunça wekillerine tabşyryk bermek babatda ylalaşdylar.

Obama bilen Medwedew ýadro programmasy sebäbli BMG tarapyndan Eýrana garşy girizilmeli sanksiýalaryň dördünji tapgyry bilen bagly uly güýçleriň arasynda ylalaşyga gelmek boýunça geçirilýän gepleşiklerde “oňyn ösüşiň” bolanlygy barada gürrüň etdiler.

Bu ugurda alnyp barylýan gepleşiklerde tizräk netije gazanmak üçin tagallalary artdyrmak barada Medwedew bilen Obamanyň öz wekillerine tabşyryk bermek boýunça ylalaşanlygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG