Sepleriň elýeterliligi

Klinton owgan zenanlarynyň hak-hukugyna ünsi çekdi


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Owganystanyň hökümeti bilen Talyplaryň arasyndaky barlyşyk boýunça ädiljek islendik ädimiň zenanlaryň hak-hukugyna zeper ýetirmeli däldigini aýtdy.

Klinton Waşingtona resmi sapar bilen baran owgan delegasiýasy bilen bolan duşuşyklaryň çäginde penşenbe güni owganystanly zenan ministrler Amina Afzali we Suriýa Dalil bilen duşuşdy.

Klinton şol duşuşykda zenanlaryň bilim we saglyk pudagy boýunça Owganystana ýardam beriljekdigini hem-de zenanlaryň hak hukugynyň goralmagyna, olaryň ykdysadýyet we oba hojalygy pudagyndaky rolunyň artdyrylmagyna üns beriljekdigini belledi.
XS
SM
MD
LG