Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Adam hukuklary Geňeşindäki täze agzalar


13-nji maýda BMG-niň Baş Assambleýasynda bu guramanyň adam hukuklary boýunça Geňeşine 14 sany täze agzalary saýlamak barada ses berişlik boldy.


Geňeşe girmäge dalaş edýän şol 14 ýurtdan ençemesiniň bu gurama agzalyga mynasyp däldiginiň aýdylandygyna garamazdan, olar hiç hili bäsleşiksiz şol topara saýlandylar.

Düýbi Ženewada ýerleşýän we 37 sany hukuk goraýjy guramadan ybarat “UN Watch” atly toparyň ýolbaşçysy Hillel Nýuer BMG-niň Baş Assambleýasynda geçirilen bu çäräniň masgaraçylykdygyny aýtdy: “Şu ýyl bolan zat masgaraçylyk. Saýlawlarda bäsdeşlik bolmady. Şol sebäpdenem bu çäräniň manysy ýok. Bu gurama agza bolmaga synanyşýanlaryň arasynda adam hukuklaryny depelemekde ýakasyny tanadan Liwiýa ýaly ýurtlaram bar”.

“UN Watch” toparynyň agzalary bolan 37 töweregi hukuk goraýjy guramalar Liwiýanyň bu Geňeşe alynmagyna garşy. Olar Amerikada Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlar bilen birlikde bu agzalygyň garşysyna berk kampaniýa alyp bardylar.

Agzalan hukuk goraýjylar tarapyndan ABŞ-nyň BMG-däki wekili Suzane Raýs we häzirki döwürde Ýewropa Bileleşigine ýolbaşçylyk edýän Ispaniýanyň BMG-däki wekili Antonio Ýanez Barrnewa ýüzlenip iberilen hatda şeýle diýilýär: “Liwiýa dünýäniň iň repressiw jemgyýetlerinden biri, bu ýurtda syýasy partiýalaryň döredilmegi, söz azatlygy we garaşsyz media gadagan edilen”.

Bu hatdan başga-da “UN Watch” we “Freedom House”, ýagny “Azatlyk Öýi” atly gurama BMG-ä agza ýurtlara ýüzlenip, Kataryň, Angolanyň, Malaýziýanyň we Mawritaniýanyň-da şol Geňeşe kandidaturasynyň ret edilmegini talap etdiler. Olaryň bu talabyny diňlän bolmady. Adam hukuklaryny gödek bozýan ýurtlardan biri bolan Malaýziýa şol ses berişlikde hatda Ispaniýa bilen Şweýsariýadan hem köp ses aldy.

Waşington hem gynanýar

Bu ses berişlikden soň, ABŞ-nyň BMG-däki wekili Suzane Raýs käbir ýurtlaryň bu Geňeşe saýlananyna Waşingtonyň gynanýandygyny belledi. Emma ol bu barada sözlän sözünde Waşingtonyň daşyndan garşy çykmagyň deregine bu özgerişligiň Geňeşiň içinde amala aşyrylmagyny gazanmak üçin basyş etjekdigini aýtdy.

“Biz bu Geňeşiň başarnyklylygyny bu gurama kimleriň agzadygy baradaky mesele bilen ölçemeýäris. Esasy zat, bu guramanyň nähili ädimler ädip, nähili hereketlerden çekinýänligidir. Waşingtonyň bu baradaky syýasaty bu Geňeşe agza bolmaga dalaş edýän we oňa agza bolan ýurtlaryň adam hukuklary boýunça geçmişiniň arassa bolmagy we bu barada iki ýüzli bolmaly däldigi baradadyr” diýip, Suzane Raýs nygtady.

Bu Geňeş BMG-niň adam hukuklary boýunça komissiýasy dargadylyp, 2006-njy ýylda onuň deregine döredilipdi. Şol komissiýa adam hukuklaryny bozýan ýurtlaryň biri-birini tankytdan goraýan topary hökmünde at alypdy. Emma öňküsiniň deregine täze guramanyň, ýagny bu Geňeşiň döredilmegi Nýuer ýaly aktiwistleriň lapyny keç etdi.

Nýuer şeýle diýýär: “2006-njy ýylda amala aşyrylan reformanyň çäginde adam hukuklary Geňeşine agzalygyň bäsdeşlik esasynda amala aşyryljakdygyny bize wada beripdiler. Bu ejir çekýän adamlaryň Geňeşi bolmalydy, emma şu günki gün, gynansak-da, biz onuň adam hukuklaryny bozýanlaryň Geňeşi bolup barýanlygyna şaýat bolýarys.”

Şertler ähmiýetini ýitirýär

BMG-niň Baş assambleýasy tarapyndan bu Geňeşi döretmek barada kabul edilen rezolýusiýada bu topara agza ýurtlaryň adam hukuklary boýunça ýokary standartlara eýe bolmalydygy we olaryň bu Geňeş bilen doly hyzmatdaşlyk etmelidigi aýdylýar. Emma oňa agza bolmak üçin dalaş edýän ýurtlaryň sany azaldygyça, bu şertler hem barha öz ähmiýetini ýitirýär.

Bu Geňeşiň durky we ondaky orunlar BMG-niň agzalarynyň regional düzümi esasynda saýlanylýar. Meselem, 47 agzadan ybarat bu Geňeşiň şu ýyl agzalyk möhleti tamamlanan 14 orny boýunça saýlawlar geçirildi. Bu Geňeşe şu ýyl Latyn Amerikasy regionyndan Ekwator bilen Gwatimala saýlandy.

Afrika boýunça göz öňünde tutulýan orunlary bolsa Angola, Liwiýa, Mawritaniýa we Uganda eýelediler. Bu gurama Gündogar Ýewropadan Moldowa bilen Polşa saýlandylar.

Geňeşe Günbatar Ýewropadan degişli orunlara Şweýsariýadyr Ispaniýa saýlanylsalar, Aziýadan Maldiw adalary, Katar, Taýland we Malaýziýa ýaly ýurtlar saýlanyldylar.
XS
SM
MD
LG